- tüýnük
- Gara öýüň uklaryny birleşdirýän ýokarky tegelek bölegi.∙ Tüýnükden düşýän Günüň şöhlesi onuň daraýy köýneginde, el işinde oýnaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Tütün, öýüň ýokarsyndaky tüýnükden hemmesi bir tüýnügiň astynda biri-birleri bilen ömürlik doganlaşdy. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem tüýnük - tüýnügi.◊ ýarty tüýnük — Keçäniň gyrasyna tüýnüge meňzeş edilip salynýan ýarym tegelek gül, nagyş.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.